Ruhani: Yrakdaky syýasy durnuklylyk sebit üçin gaty möhümdir
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Yragyň täze ministrler kabinetiniň döredilmeginden hoşaldygyny aýtmak bilen Yrakdaky syýasy durnuklylyk sebit üçin möhümdir we bu ýurduň sebitde dikelmegi üçin hökmany şert bolar diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün Yragyň prezidenti Barham Saleh bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde häzirden oraza baýramyny gutlamak bilen Tahranyň usully syýasaty Bagdat bilen hemme taraplaýyn gatnaşyklary we arkalaşyklary pugtalandyrmakdyr diýmek bilen öňküler ýaly, Eýran Yrak hökümeti we halkynyň ýanynda durar we Yragyň özygtyýarlylygyny gorap saklamagyny we daşary ýurt güýçleriniň Yrak halkynyň we hökümetiniň ykbalyna goşulmazlygyny isleýändir diýdi.
Ruhani häzirki wagtda sebit ýurtlarynyň nebitiň bahasynyň arzanlamagy, koronawirusyň döremegi, howpsuzlyk problemalary we iň esasysy ABŞ-nyň ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmagy ýaly köp sanly kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtmak bilen Dost döwletler we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen problemalary ýeňip geçip bolar diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýran bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi möhüm hasaplamak bilen Iki ýurduň arasyndaky söwdany ähli umumy serhetlerde öňki ýagdaýyna dolanar ýaly saglyk düzgünlerine doly laýyk getirmek üçin tagalla edilmelidir diýdi.
Barham Saleh hem oraza baýramyny häzirden gutlamak bilen Tehran-Bagdadyň gatnaşyklarynyň gowy derejededigine yşarat edip bu gatnaşyklary ösdürmek ugurda tagalla edilemlidigini aýtdy.
Yragyň prezidenti şeýle-de sebitdäki daşary ýurt güýçleriniň weýran ediji gatyşmalary barada gürrüň gozgap Günbatar Aziýa täze dartgynlylyklary çydap bilmez şoňa görä sebitdäki daşary ýurtlaryň gatyşmagy çalt gutarmalydyr diýdi.