Musawi:Amerika dünýäniň düzgünini bozmagyň yzyndadyr
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerikanyň häzirki döwleti dünýäniň düzgünini bozup Anarhizmy dünýä häkim etmegiň yzyndadyr oňa görä dünýäniň milletleri we döwletleri Amerikanyň bu işşerinden howatyrlanmalydyrlar diýip nygtady.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi şu gün bir habar konferensiýada beren gürrüňlerinde Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň ýola berýän bozgagçylykly işlerine yşarat edip dünýäniň milletleri we döwletleri Birleşen Milletler Guramanyň jarnamasynyň tarapyndan makullanan halkara derejesinde hasyl bolan gymmatlyklardan arka çykmalydyrlar diýip nygtady.
Musawi Eýranyň nebit daşaýan gämilerini tutup saklamak barada Amerikaly resmileriň atýan haýbatlaryny adamkärçiliksiz iş bilmek bilen Amerikanyň bir ýurtdan hoşynyň gelmezligi ol ýurduň başga ýurtlar bilen saklaýan kanuny söwda işlerine böwet bolmakda delil bolup bilmez diýip beýan etdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Amerikanyň Eýranyň gämileriniň tersine akla sygmaýan işe baş goşmagynyň ýaramaz yz-gelimleriniň jogapkärçiligi Waşington bilen boljakdyr diýmek bilen egerde Amerikalylar bu işe baş goşaýsalar Eýranyň berk gaýtawuly bilen ýüzbe ýüz bolarlar diýip duýduryş berdi.