Şamhani: Eýranyň syýasaty, Owganystandaky halkyň ses bermegi netijesinde hökümetiň jebisleşmegini goldamak
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7634-Şamhani_eýranyň_syýasaty_owganystandaky_halkyň_ses_bermegi_netijesinde_hökümetiň_jebisleşmegini_goldamak
Eýranyň Milli Howpsuzlyk boýunça ýokary Geňeşiniň sekretary Aşraf Gani bilen Abdylla Abdyllanyň arasynda baglaşylan şertnamany gutlap, Eýranyň hemişelik syýasaty, Owganystandaky halkyň ses bermegi esasynda hökümetiň jebisleşmegini goldamakdygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 19, 2020 18:00 Asia/Ashgabat
  • Şamhani: Eýranyň syýasaty, Owganystandaky halkyň ses bermegi netijesinde hökümetiň jebisleşmegini goldamak

Eýranyň Milli Howpsuzlyk boýunça ýokary Geňeşiniň sekretary Aşraf Gani bilen Abdylla Abdyllanyň arasynda baglaşylan şertnamany gutlap, Eýranyň hemişelik syýasaty, Owganystandaky halkyň ses bermegi esasynda hökümetiň jebisleşmegini goldamakdygyny aýtdy.

Ali Şamhani sişenbe güni Owganystanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk geňeşçisi Hamedullah Moheb bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde bu ýurduň hökümetiniň parahatçylygy ýola goýmak bilen baglanyşykly ähli amallara ygrarlydygyny aýtdy we şeýle diýdi:

Gynansagam, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Owganystanyň bähbitlerini äsgermezlik edip, syýasy hereketlerinde kabul ederliksiz ýoly dowam etdirýär.

Şamhani, dürli ýurtlarda şol sanda Owganystanda koronawirusyň ýaýramagyna yşarat edip"Eýran Owganystanyň halkyna öňki ýaly mugt saglyk we lukmançylyk kömegini bermäge taýýar" diýip yglan etdi.

Eýranyň Milli Howpsuzlyk boýunça ýokary Geňeşiniň sekretary, iki ýurduň serhetýaka sebitinde bir topar owgan raýatynyň pajygaly ölümine gynanýandygyny aýtdy we bu wakanyň döremeginde Eýranyň serhetçileriniň hiç hili rolunyň ýokdugyny aýtdy.