Palestina dolanşygynyň Amerika we Sionist režimi bilen baglaşan ähli şertnamalary ýatyryldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7640-palestina_dolanşygynyň_amerika_we_sionist_režimi_bilen_baglaşan_ähli_şertnamalary_ýatyryldy
Palestina häkimliginiň başlygy Mahmud Abbas Palestina bilen Amerika we Sionist režimi arasynda baglaşylan ähli şertnamalary ýatyrdy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
May 20, 2020 15:11 Asia/Ashgabat
  • Palestina dolanşygynyň Amerika we Sionist režimi bilen baglaşan ähli şertnamalary ýatyryldy

Palestina häkimliginiň başlygy Mahmud Abbas Palestina bilen Amerika we Sionist režimi arasynda baglaşylan ähli şertnamalary ýatyrdy.

Sionist režiminiň Iordaniýa derýasynyň günbatar kenaryndaky bölekleri basyp alynan sebitlere birikdirmek synanşygyndan soň Mahmud Abbas Palestina dolanşygy we Palestinanyň azat ediş guramasy indi Tel-Awiw we Waşington bilen baglaşylan şertnamalaryň hiç birini ýerine ýetirmez diýdi.

Palestina häkimliginiň başlygy Mahmud Abbas Palestina halkyna garşy edilen wagşyçylyklarda Amerikanyň günäkär bilmek bilen Waşingtonyň Tel-Awiwiň basyp alyşlygynda onuň hyzmatdaşydygyny aýtdy.

Sionist režiminiň jogapkärleri ýakynlykda Iordaniýa derýasynyň günbatar kenaryndaky bölekleri eýelenmek baradaky taslamalaryny Iýul aýyndan durmuşa geçirmäge ylalaşdylar.

bu basyp almagyň Iordaniýa derýasynyň günbatar kenarynyň 30 göteriminden gowragyny öz içine aljakdygy çak edilýär.