Eýran Kudusyň goldanmagynyň we ýasama Ysraýyl režiminiň howplary bilen garşylaşmagyň zerurlygyny nygtaýar
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Tehran Kudus we Palestina goldawuny we ýasama Ysraýyl režiminiň howplaryna garşy durmagyny dowam etdirer diýip beýan etdi.
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Huseýin Amir Abdullahiýan düýn Tehranda Hemas hereketiniň wekili Halid Gudumynyň duşuşygynda Eýranyň mejlisinde parahatçylyga we howpsuzlyga garşy bolýan Sionist režimiň duşmançylykly işleri bilen göreşmek ugurda bir kanunyň tassyklanandygyna yşarat edip Sionist režimiň duşmançylykly hereketlerine garşy durmak üçin 16 maddadan ybarat ilkinji giňişleýin kanun şu hepde Eýranyň mejlisi tarapyndan makullandy bu bolsa sebit we halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny kepillendirmekden başga Eýran Yslam Respublikasynyň milli howpsuzlygyny üpjün edýändir diýdi.
Hemas hereketiniň Tehrandaky wekili hem Eýranyň mejlisinde Sionist režimine garşy kanunyň makullanylmagyndan gadyrdanlyk etmek bilen käbir döwletleriň Sionist režimi bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak ugurda iş alyp barýan mahaly Eýran Yslam Respublikasy Sionist režiminiň parahatçylyga we howpsuzlyga garşy alyp barýan duşmançylykly hereketlerine garşy durmak üçin kanun makullap möhüm ädimi ätýän ilkinji ýurtdyr diýdi.
Gudumi şeýle-de beýleki yslam ýurtlaryň we Palestina halkynyň dostlarynyň Eýran Yslam Respublikasy ýaly hereket etmeklerini umyt etdi.