Eýranda takmynan 99,000 adam koronawirusyndan gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä şu wagta çenli koronawirusy ýokaşan 98,808 adam bejerildi we keselhanalardan çykaryldy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour çarşenbe güni habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde soňky 24 sagadyň dowamynda 2334 täze hassanyň tapylandygyny aýtmak bilen bu san Täze hassalaryň arasyndan 457 adam keselhanada ýerleşdirildi diýdi.
Jahanpour şeýle-de anyk diagnostika ölçeglerine görä, şu wagta çenli Eýranda 126,949 adama koronawirusy ýokaşandyr diýip ýatlap geçdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy şeýle-de soňky 24 sagatda 64 adamyň ölümine yşarat edip Eýranda koronawirus sebäpli ölenleriň sany 7,183 adama ýetdi diýdi.
Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary koronawirusa garşy göreşe gatnaşýarlar.
Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany 5 milliondan gowrak boldy, şolardan azyndan 325,000 adam öldi we 2 million töweregi adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.