Eýranda koronawirusyndan takmynan 108 müň adamyň gutulmagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7704-eýranda_koronawirusyndan_takmynan_108_müň_adamyň_gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi yglan etdi: Şu wagta çenli ýurtda koronawirusly 107,713 adam gowulaşdy we keselhanalardan boşadyldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 25, 2020 15:58 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronawirusyndan takmynan 108 müň adamyň gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi yglan etdi: Şu wagta çenli ýurtda koronawirusly 107,713 adam gowulaşdy we keselhanalardan boşadyldy.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň umumy aragaynaşyk gatnaşyklar we maglumat merkeziniň başlygy Kianuş Jahanpour duşenbe güni habarçylara Eýranda koronawirus näsaglary baradaky soňky statistika barada Soňky 24 sagadyň dowamynda 2023 täze näsag ýüze çykaryldy diýip hasabat berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň umumy gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy hem soňky 24 sagadyň dowamynda 34 näsagyň ölümine ünsi çekdi we şeýle diýdi: "Eýranda koronawirus sebäpli ölenler 7,451 adama ýetdi.