çydam terrorçylyga we basybalyjylyga garşy ýeke-täk mümkinçilikdir
Eýranyň daşary işler ministrligi çydamy terrorçylyga garşy we Kudusyň hemde basyp alnan ähli ýerleriň azat edilmeginniň ýeke-täk mümkinçiligi diýip häsiýetlendirdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrligi duşenbe güni twitterde Liwan halkynyň sionistlere ýeňiş gazanmagynyň we olary Liwanyň günortasyndan çykarmagynyň 20-nji ýyllygyny gutlamak bilen çydam strategiýasy terrorçylyga, basybalyjylyga we agalyk etmäge garşy ýeke-täk çäredir we Mukaddes Kudusy we ähli basyp alnan ýerleri azat etmegiň ýoludyr diýip yglanetdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Liwanyň daşary işler ministri Nassif Hitti we Hizbullanyň Baş sekretary Seýed Hasan Nasrallah iberen aýry-aýry hatlarynda çydamyň ýeňiş baýramyny gutlap Liwanyň halkynyň, hökümetiniň we goşunynyň çydam bilen jebisleşmegini.Sionist duşmana garşy ýeňişleriň syry hasaplady.
2000-nji ýylyň 25-nji maýynda sionist režim Liwanyň çydam güýçlerine boýun egdi we harby mümkinçiliklerine garamazdan Liwanyň günortasyndan gaçmaga mejbur boldy.