Eýranda 109 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7720-eýranda_109_müňden_gowrak_adam_koronawirusyndan_gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä şu wagta çenli koronawirusly 109,437 adam bejerildi we keselhanalardan çykaryldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 26, 2020 11:09 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 109 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä şu wagta çenli koronawirusly 109,437 adam bejerildi we keselhanalardan çykaryldy.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour şu gün habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýranda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky statistika barada gürrüň gozgap soňky 24 sagadyň dowamynda 1,787 täze näsagyň tanalandygyny yglan etdi.bu san bilen Eýranda koronadan hassalan adamlaryň jemi sany 139 müň 511 adam boldy diýip Jahanpour aýtdy.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy şeýle-de soňky 24 sagatda 57 näsagyň ölendigine yşarat edip Eýranda koronawirusdan ölenleriň sany 7,508-e ýetdi diýdi.

Dünýäde koronawirus bilen ýaşaýanlaryň sany 5 million 605 müň adama ýetdi, şolardan azyndan 348 müň adam öldi, 2 million 383 müňden gowrak adam sagaldy we keselhanalardan boşadyldy.