Musawi:Amerikanyň Eýrana garşy işleri BMG-nyň jarnamasynyň tersinedir
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili ABŞ-nyň Yslam respublikasy bilen halkara ýadro hyzmatdaşlygyny boýkot etmek baradaky ädimini ýazgarmak bilen Amerikanyň bu işi howpsuzlyk geňeşiniň 2231-nji karar hatynyň we BMG jarnamasynyň tersinedir diýdi.
Amerikanyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo penşenbe güni irden twitterde ABŞ indiden beýläk ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň çarçuwasynda Eýranyň ýadro işlerine haslanan geçirimlilikler aýrylyp Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly iki Eýranly Amerikanyň sanksiýalar sanawuna artdyrylýar diýip yglan etdi.
Amerikanyň bu işi Eýran Yslam Respublikasynyň inkär edip bolmajak hak hukugyny aýak aşaga salmagyň ýanynda halkara düzgüne hem şikes ýetiýändir diýip Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi özüniň twitter sahypasynda ýazdy.
Musawi: Eýran Yslam Respublikasy bu çäräniň tehniki we syýasy täsirlerine ýakyndan gözegçilik etdi we halkara resminamalaryna we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň düzgünlerine laýyklykda Eýranyň ýadro hukuklaryna ýaramaz täsir etse, zerur amaly we hukuk ädimlerini ätjekdigini aýtdy.
2018-nji ýylyň 8-nji maýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump Waşingtonyň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň borçnamalaryny bozup, halkara şertnamasyndan birtaraplaýyn ýagdaýda yza çekildi we ýadro sanksiýalarynyň yzyna gaýtaryljakdygyny mälim etdi.