Eýranda koronawirusly takmynan 117 müň adam gutuldylar
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä,şu wagta çenli koronawirusly 116,827 adam bejerildi we keselhanalardan çykaryldy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde soňky 24 sagatda 2828 täze hassanyň tapylandygyny aýtdy.
Jahanpour sözüniň dowamynda täze näsaglaryň arasyndan 435 näsag hassahanada ýerleşdirildi we 1877 hassa aýak üstünde hyzmat edildi bu san bilen Eýranda korona uçran hassanyň umumy sany 148,950-e ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy soňky 24 sagadyň dowamynda 57 näsagyň ölendigi barada durup geçip Eýranda koronawirusdan ölenleriň sany 7,734 adama ýetdi diýdi.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 6 milliondan gowrak boldy, şolardan azyndan 367 müň adam öldi we takmynan 2 million 673 müň adam bejerildi we keselhanalardan çykaryldy.