Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň Ymam Homeýni(RA) hezretleriniň ýyl dönüminde teleýaýlym çykyşy
Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi hezretleri geljek çarşenbe güni Iýun aýynyň uçynde Ymam Homeýni(RA) hezretleriniň panydan baka göçmeginiň 31-nji ýyllygynda tele radio arkaly göni suratda Eýran milletine gürrüň berjekdirler.
Aýatolla Hameniýi hezretleriň eserlerini gorap neşir edýän gullugynyň beren habaryna görä,hezretleriň berjek gürrüňleri çarşenbe güni Tehran wagty bilen sagat 11-de Eýran Yslam Respublikasynyň tele radiosy ulgamlarynyň ýanynda Hameneýi.IR saýtynda,Instagram we twitter sahypalarynda hem göni suratda efire beriljekdir.
Eýranyň Yslam Respublikasynyň dübini tutan Ymam Homeýni(RA) hezretleriň ýyl ýetisi myrasymy her ýylda ol hezretleriň gonamçylygynda Aýatolla Hameneýi hezretleriň gürrüň bermekleri bilen geçirilýärdi emma üstümizdäki ýylda korona garşy göreşýän ştabynyň karary boýunça her hili ýygnaglaryň ýola goýulmagy gadagan edildi.şu hasap bilen geçen ýyllarda bolşy ýaly ýyl ýetesi myrasymy Ymam Homeýni(RA) hezretleriň gonamçylygynda geçirilmez.