Takht-e-Rawançi: ABŞ-nyň sanksiýalary adamzada garşy jenaýat derejesine ýetdi
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Korona epidemiýasy dowam edýän ýagdaýynda bikanun sanksiýalary, ykdysady terrorçylygy we lukmançylyk terrorçylygyny dowam etdirmek we güýçlendirmek arkaly adamzada garşy jenaýatyň bosagasyna ýetendigini aýtdy.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Majid Takht-e-Rawançi sişenbe güni bir taraplaýyn gadaganlyklar we onuň korona garşy göreşde galdyrýan ýaramaz täsirleri ady bilen geçirilen ýygnagda beren gürrüňlerinde koronanyň öňüni almak ugurda gerek bolan dermanlar we lukmançylyk mümkinçilikler hemme ýurtlaryň el-ýeterliginde bolmalydyr ýöne Amerikanyň ýola berip duran bir taraplaýyň bikanun işleri bu meseläniň durmuşa geçmeginde esasy kynçylygy döredip durandyr diýip beýan etdi.
Takht-e Rawançi azyk, derman we lukmançylyk enjamlara garşy sanksiýalaryň ýoklygy baradaky Amerikanyň toslamalaryna yşarat edip bir yurdy halkara söwdasyna we global bank ulgamyna elýeterlilikden mahrum etmek, bu ýurdy bar bolan maliýe we täjirçilik mehanizmleri arkaly derman, azyk we lukmançylyk enjamlaryna girmek mümkinçiliginden doly mahrum edýär diýdi.
bir taraplaýyn gadaganlyklar we onuň koronawirusyna garşy global göreşe edýän täsirini gözden geçirmek üçin ýygnak Birleşen Milletler Guramasynda Eýranyň, Orsýetiň, Hytaýyň, Wenesuela, Kuba, Siriýa, Belarus, Nikaragua we Zimbabwe ýaly hemişelik missiýanyň döredijiligi bilen geçirildi.