Eýranda 125 müňden gowrak adamyň koronawirusyndan gutulmaklary
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7784-eýranda_125_müňden_gowrak_adamyň_koronawirusyndan_gutulmaklary
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi yglan etmegine görä şu wagta çenli ýurtda koronawirusa ýokaşan 125206 adam gowulaşdy we keselhanalardan boşadyldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 03, 2020 10:56 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 125 müňden gowrak adamyň koronawirusyndan gutulmaklary

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi yglan etmegine görä şu wagta çenli ýurtda koronawirusa ýokaşan 125206 adam gowulaşdy we keselhanalardan boşadyldy.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde ýurtda koronawirusa ýokaşanlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat ediň soňky 24 sagadyň dowamynda 3,134 täze hassa tanalandyr diýdi.

Jahanpour sözüniň dowamynda täze hassalaryň arasyndan 493 adam keselhanalarda ýerleşdirildi we 2641 näsag hem aýak üstünde derman boldy şeýle-lik bilen Eýranda Qovid 19 bilen kesellänleriň umumy sany 160 müň 696 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy soňky 24 sagadyň dowamynda 70 näsagyň ölendigine yşarat edip Eýranda koronawirusdan ölenleriň sany 8 müň 12 adama ýetdi diýdi.

dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 6 million470 müňden gowrak adama ýetdi, şolardan azyndan 384 müň adam öldi we takmynan 3 million 80 müň adam sagaldy we keselhanalardan boşadyldy.