Ruhani: ABŞ-nyň nägile ilata garşy eden jenaýatlary ýazgarylýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7799-ruhani_abŞ_nyň_nägile_ilata_garşy_eden_jenaýatlary_ýazgarylýar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: "Eýran ABŞ-nyň hökümetiniň bu ýurtda jyns taýdan kemsitmelere garşy protestleri basyp ýatyrmakdaky jenaýatlaryny ýazgarýar" -diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 04, 2020 15:58 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: ABŞ-nyň nägile ilata garşy eden jenaýatlary ýazgarylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: "Eýran ABŞ-nyň hökümetiniň bu ýurtda jyns taýdan kemsitmelere garşy protestleri basyp ýatyrmakdaky jenaýatlaryny ýazgarýar" -diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni wideo görnüşinde geçirilen energiýa pudagyndaky taslamalardan peýdalanmak dabarasynda Bu açyşlaryň ABŞ bilen Ysraýylyň duşmançylykly hereketlerine aýgytly jogapdygyny mälim edip, "ýylyň ahyryna çenli Eýranda 18 sany täze elektrik stansiýasy açylar" -diýdi.

Ruhani,Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilen köpçülikleýin nägileliklere ünsi çekip, bu ýurduň taryhynyň iň erbet döwürleribaşdan gçirýänligini aýtdy. ol şeýle-de ABŞ hökümetiniň jynsparazlygy bu ýurtdaky garaýagyzlara uly adalatsyzlykdyr.diýip sözüne goşdy.

Häzirki wagtda birnäçe milli energiýa taslamasy, şol sanda Günbatar Azerbaýjandaky Oşnawiýeh bendi (Eýranyň demirgazyk-günbatary) we Buşerde (Eýranyň günortasy) başga-da ýedi taslama Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti tarapyndan ulanşa berildi.