“YouTube” Eýranyň radio habarlar gullugynyň hasabyny petikledi
Düýbi ABŞ-da ýerleşýän Google, söz azatlygyna ters hereket edip, Eýranyň radio we telewideniýe habarlar gullugynyň YouTube web sahypasyndaky hasabyny petikledi.
Eýran radio we telewideniýe habarlar gullugynyň täze metbugat müdiri Huseýin Ýusefi şenbe güni metbugat hasabynyň petiklenmegi barada Eýranyň tele-radio habar gullugy hiç wagt YouTube düzgünlerini bozan däldir diýip yglan etdi.
Ýusefi, Eýranyň tele-radio habar gullugynyň hasabynyň petiklenmeginiň bu habar gullugynyň Iňlis twitter sahypasynyň ýapylmagy bilen bir wagtda bolanlygyna yşarat edip Soňky günlerde ABŞ-da bolup geçen adalatsyzlyga we jynsparazlyga garşy köpçülikleýin nägilelikleriň şekilleriniň ýaýramagy, şeýle hem ABŞ-nyň hökümetiniň Korona krizisinde halka edýän hyzmatlarynyň tolgunyşyklary we ýagdaýy baradaky täsirli maglumatlary bu hereketiň delillerindendir diýip nygtady.