Eýranda korona ýürek keseli barada soňky sanawlar
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 134,000-den gowrak adamyň sagaldylandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour ýekşenbe güni ýurtdaky koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky statistika barada beren maglumatynda Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda Kuaid 19 keseli 2364 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 648-si keselhanalarda ýerleşdirildi, galanlary aýak üstünde derman boldylar diýdi.
Jahanpour, Eýranda korona uçran näsaglaryň umumy sanynyň 171,789-a ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 72 näsag öldi we ölenleriň umumy sany 8,291-e ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy şeýle-de 134,349 näsag indi sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip ýatlatdy.
Dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany 7 milliondan gowrak boldy, şolardan azyndan 403,000 adam öldi we takmynan 3,422,000 adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.