Takht-e Rawançi:2231-nji karayň çarçuwasynda Amerikanyň hiç haky ýokdyr
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Amerikaly kärdeşi Kelli Kraftyň aýdanlaryny nädogry hasaplamak bilen Amerika BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyna laýyklykda hiç bir işiň başyny başlamaga hukugynyň ýokdugyny aýtdy.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Majid Takht-e Ravanchi özüniň twitter sahypasynda ýazan matlabynda howpsuzlyk geňeşiniň 2231-nji kararynyň çarçuwasynda Amerikanyň çakmak mehanizmindan peýdalanmaga hakly bolmagy hakynda Kraftyň aýdanlaryny nädogry bilmek bilen Trampyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykmagyndan soň Amerikanyň bu ylalaşykda hiç haky ýokdyr diýip ýazdy.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili, bu karary bozýan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji karary bilen haýsydyr bir çäre görmäge hukugynyň ýokdugyny aýtdy.
ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Kelli Kraft geçen anna güni metbugat ýygnagynda 2231-nji rezolýusiýanyň tekstini okan her bir adamyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýranyň ýarag gadaganlygyny giňeltmek üçin çakmak mehanizmini ulanmaga hukugynyň bardygyna düşünip biljekdigini toslady.
BMG-nyň Eýrana garşy ýarag gadaganlyklarynyň ýatyrylmagynyň wagtynyň ýakynlamagy bilen ABŞ sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň öňüni almak boýunça tagallalaryny iki esse artdyrdy.