Sardar Aştari: Eýran bilen Owganystan duşmanlaryň dildüwşüklerine garşy hüşgär bolmaly
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7811-sardar_aştari_eýran_bilen_owganystan_duşmanlaryň_dildüwşüklerine_garşy_hüşgär_bolmaly
Eýran Yslam Respublikasynyň polisiýa we düzgünçi güýçleriniň serkerdesi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylygyndaky Günbatar metbugatynyň Eýran bilen Owganystan milletleriniň arasyna agzalalyk salmak ugurda ýola berýän şeýtanlykly işlerine yşarat edip bu dildüwşüklere garşy göreşmek üçin hüşgärligiň zerurdygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 07, 2020 13:26 Asia/Ashgabat
  • Sardar Aştari: Eýran bilen Owganystan duşmanlaryň dildüwşüklerine garşy hüşgär bolmaly

Eýran Yslam Respublikasynyň polisiýa we düzgünçi güýçleriniň serkerdesi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylygyndaky Günbatar metbugatynyň Eýran bilen Owganystan milletleriniň arasyna agzalalyk salmak ugurda ýola berýän şeýtanlykly işlerine yşarat edip bu dildüwşüklere garşy göreşmek üçin hüşgärligiň zerurdygyny aýtdy.

ýaňky habar serişdeleri geçen bir aýlykda Eýran bilen Owganystan ilatlarynyň arasyna agzalalyk oklamak ugurda Eýranyň serhet güýçleri Owganlary urypdyrlar diýip habar ýaýratdylar ýöne soň geçirilen barlaglarda bu gürrüňleriň ýalandygy subut boldy.

general Aştari sosial ulgamlarda we Günbataryň habar serişdelerinde habaryň ýaýramagy bilen şol gün hakykatyň barlanylmagy üçin buýruk berdi we bu ugurda Owganystandan hem çakylyk bir iştanyjy toparyň iberilmegini isledi.

Sardar Aştari, Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky gowy gatnaşyklara salgylanyp Eýranyň, duşmanlaryň  negatiw öjükdirmekden we metbugat tolgunmalaryny ýoýmakdan uzakda, owgan doganlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna göz aýlamak we bu wakany syýasy däl şertlerde we ekspert derejesinde barlanmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň polisiýa güýçleriniň serkerdesi sözüniň dowamynda Eýran bilen Owganystan ýurtlaryň duşmanlaryna tolkun atmagyna ýol bermeli däldigini aýtdy.