Rabiee: Trump-nyň gepleşik geçirmek baradaky çakylygy formalitedir
Eýran hökümetiniň metbugat sekretary ABŞ-nyň prezidentiniň Tehran bilen gepleşik geçirmek baradaky teklibine salgylanyp, Donald Trumpyň gepleşik geçirmek we ylalaşyk gazanmak baradaky çakylygynyň formalitedigini aýtdy.
Prezident Donald Trump anna güni twitter hasabynda uly ylalaşyk gazanmak üçin "ABŞ-da geçiriljek saýlawlara garaşmaň" diýdi.
Şeýle hem, Trump 2020-nji ýylda ABŞ-da geçiriljek prezident saýlawynda ýeňiş gazanjakdygyny öňe sürdi we has gowy ylalaşyga geljekdigiňizi aýtdy.
Eýranyň hökümetiniň metbugat sekretary Ali Rabie duşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda Tehranyň ABŞ-nyň saýlawlary bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny we munuň ýurduň içerki işleri bilen baglanyşyklydygyny aýdyp Eýran milli bähbidi esasynda hereket edýär we ABŞ-da kimiň üstünlik gazanýanlygy Yslam respublikasy üçin ähmiýeti ýokdyr diýip nygtady.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň BMG Howpsuzlyk Geňeşinden çykarylmagy barada durup geçen Rabie: "ABŞ Eýran bilen gepleşik geçirmek islese, giden stoluna gaýdyp geler"-diýdi.