Eýranda 138 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmaklary
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7842-eýranda_138_müňden_gowrak_adamyň_koronadan_gutulmaklary
Eýranyň saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-e golaý täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 138,000-den gowrak adamyň sagaldylandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 09, 2020 12:48 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 138 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmaklary

Eýranyň saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-e golaý täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 138,000-den gowrak adamyň sagaldylandygyny habar berdi.

Eýranyň saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirus bilen ýaşaýan adamlar baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kuaid 19 bilen kesellän 2 müň 95 täze näsagyň tanalandygyny aýtmak bilen olaryň 901-siniň keselhanalarda ýerleşdirilip, galanlary aýak üstünde derman bolandyklaryny aýtdy.

Lari, Eýranda kovid 19 bilen kesellänleriň umumy sanynyň 175,927-e ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 74 näsagyň ölmegi bilen, ölenleriň sany 8,425-e ýetendigini yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şeýle-de 138,457 hassanyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen ýaşaýanlaryň sany 7,220 000-den gowrak boldy, şolardan azyndan 410,000 adam öldi we 3,555,000 töweregi keselhanalardan gutuldy.