Ysmaýyly: CIA bilen Mossad guramalarynyň içalynyň ölüm jezasyna höküm edildi
Eýranyň kazyýet güýjüniň metbugat wekili Amerikanyň Merkezi aňtaw gullugy (CIA) we Sionist režiminiň içalylyk gullugy (Mossad) guramalarynyň içaly adamy bolan Musawiň ölüm jezasyna höküm edilendigini habar berdi.
Eýranyň kazyýet ulgamynyň metbugat wekili Golam-Huseýin Ysmaýyly şu gün (sişenbe) metbugat ýygnagynda Merkezi aňtaw we Mossad gulluklaryň içaly bolan Seýed Mahmud Musawi atly adamyň Eýranyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilendigini aýtdy.
Ysmaýyly bu içalyň Amerikanyň dollaryny almagyň garşysynda dürli howpsuzlyk ugurlarynda, esasanam Eýranyň ýaragly Güýçleri, Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň Kuds güýçleri we general Kasem Soleýmanyň ýerleşýän ýeri barada duşmana maglumat ýygnandygyny we maglumat berendigini aýtmak bilen şonuň üçin ol ynkylap diwanynda suda çekilip sudiýa öňa ölüm jezasynyň berilmegini makullady diýip yglan etdi.
Eýranyň kazyýet ulgamynyň metbugat wekili Eýranyň ýokary kazyýetiniň 19-njy bölüminiň bu karary goldaýandygyny we ýakyn wagtda durmuşa geçiriljekdigini aýtdy.