Musawi: Eýran ABŞ-nyň gaýtalanýan sanksiýalaryna boýun egmez
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, ABŞ-nyň Eýranyň transport kompaniýalaryna we tankerlerine garşy girizen täze sanksiýalaryna jogap h]kxminde ABŞ işgärleri diňe sanksiýalaryň girizilmegi bilen özlerini biynjalyk edýärler we Eýran beýle sanksiýalara we basyşlara boýun bolma diýdi.
ABŞ-nyň gazna ministrliginiň garamagynda işleýän Daşary barlyk merkezi soňky wagtlarda sanksiýalar listesine goşan Eýranyň125 ýük gämisini täzeden sanksiýalar sanawuna goşdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Seýid Abbas Musawi çarşenbe güni tele-radio habar gullugyna beren interwýusynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bir wagtlar tutuş Eýran halkyna sanksiýa berdi, soň bolsa bu sanksiýalaryň arasynda Eýranyň raýatlaryna ýa-da işgärlerine aýratyn sanksiýa berdi diýip nygtady.
Musawi ABŞ-nyň işgärlerine birtaraplaýyn we bikanun hereketlerden gaça durmagy we düzgünler bilen oýnamagy taşlamagy maslahat berdi, ýöne sanksiýalary netijesiz we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu hereketi içerki meseledir we halkara derejesinde goldawy ýokdyr diýip beýan etdi.