Raeisi:adam hukugyny toslaýan taraplar garşylaryň dem almaklaryna rugsat berýän däldirler
Eýranyň kazyýet günjüniň başlygy özlerini adam hukukyň tarapdarlary diýip tanatýan döwletler garşylaryna dem almak rugsatyny hem berýän däldirler diýdi.
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Ybrahim Raeisi şu gün Eýranyň günortasyndaky Fars welaýatynyň taýpa ýolbaşçylary we ilaty bilen duşuşanda beren gürrüňlerinde Adam hukuklaryny wagyz etýän Ýewropa ýurtlary, häzirki ýagdaýda garşylaryna dem almagyna-da rugsat bermeýärler diýmek bilen ösüş ähli sosial görkezijilerde bolmaly we diňe tehnologiýa ösüşi gowy görkeziji bolup bilmez diýip yglan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynda ösüş üçin ähli zerurlyklaryň bardygyny we bu mümkinçiliklere daýanmak bilen ähli görkezijilerde ösüşi gazanyp boljakdygyny aýdyp, Raeisi Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň sözlerine yşarat etmek bilen sözüniň dowamynda Aýatolla Hameneýi hezretleriň, Eýranyň geljeginiň aýdyňdygyny we häzirki sebitdäki ýurtlarynyň şaýatlyk edişi ýaly Yslam respublikasy iň ýokary ýurtlaryň biridigini aýtdylar diýdi.
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy, ykdysady işjeňligi arkaly Eýranyň ösüşinde aýratyn rol oýnamagy başaran çarwa jemgyýetini ýurduň ykdysadyýetiniň generatory we esasy nokady hökmünde görkezdi.