Eýranda korona ýürek keseli baradaky soňky sanawlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7854-eýranda_korona_ýürek_keseli_baradaky_soňky_sanawlar
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona bilen kesellän 2000-e golaý täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 142,000-den gowrak adamyň sagalýandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 11, 2020 12:11 Asia/Ashgabat
  • Eýranda korona ýürek keseli baradaky soňky sanawlar

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona bilen kesellän 2000-e golaý täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 142,000-den gowrak adamyň sagalýandygyny habar berdi.

şu gün Eýranyň saglygy goraýyş, derman we bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari,ýurtda koronawirus hassalary barada iň soňky maglumatlara yşarat edip Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda Kuaid-19 bilen kesellän 2323 täze näsag ýüze çykaryldy, olaryň 688-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galanlary aýak üstünde olara medisina hyzmatlary berildi diýdi.

Lari, Eýranda covid-19 hassalarynyň umumy sanynyň 180156-a ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 78 näsagyň ölmegine salgylanyp, ölenleriň umumy sanynyň 8584 adama ýetendigini aýtdy.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şeýle-de şu wagta çenli 142,663 hassanyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 7 million 477 000-den gowrak boldy, şolardan azyndan 419,000 adam öldi we takmynan 3,792,224 adam keselhanadan gutuldy.