Zarifiň AIPAC-nyň Amerika Kongresine edýän täsiri baradaky gaýtawuly
Eýranyň daşary işler ministri ABŞ-Ysraýyl jemgyýetçilik gatnaşyklary komitetiniň (AIPAC) ýyllar boýy Amerikanyň syýasatlaryny azaşdyryp gelýändigini we Kongrese aç-açan buýruk berip gelýändigini aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün twitterde ýewreý telegraf gullugynda AIPAC-nyň ABŞ-nyň kongresiniň kararlaryna täsiri barada hasabat çap edendigini habar berip Amerika we Günbatar döwletleriň Aziýanyň günbatary bilen baglanşykdaky syýasatlaryny Sionist režimi dikte edýär diýen pikire şu mahala çenli şübhe bildirilen bolsa indi bu žurnalyň ýaýradan hasabaty bu meseläni aç-açan perýat edendir diýip ýazdy.
AIPAC ýyllar boýy Amerikanyň syýasatlaryny zäherlendirmek bilen Kongrese buýruk berip gelýändir oňa görä Günbataryň gudrat merkezlerine Ysraýylyň apartaýtlyk agalygyna soň bermegiň wagty bolandyr diýip Zarif belläp geçdi.
bu neşriýäniň şu gün yglan etmegine görä,Sionist režiminiň Amerikadaky lobbisi(AIPAC)
Amerikan ýewreý jemgyýetiniň käbir agzalarynyň we basyp alnan Palestinanyň ýaşaýjylarynyň Iordan derýasynyň günbataryndaky has köp ýer eýelemegi meýilleşdirýändigi baradaky tankytlarynyň gaýtawulynda Kongres agzalaryna meýilnamany tankytlamaga rugsat berdi, ýöne tankytdan çykmaň diýdi.
Amerikan-Ysraýyl jemgyýetçilik gatnaşyklary komiteti (AIPAC) ABŞ-da iň uly sionist tarapdary lobbidir.