Eýranda Takmynan 147 müň adamyň dikeldilmegi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7879-eýranda_takmynan_147_müň_adamyň_dikeldilmegi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona bilen kesellän 2 müňden gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 147,000-e golaý adamyň sagalýandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 13, 2020 11:41 Asia/Ashgabat
  • Eýranda Takmynan 147 müň adamyň dikeldilmegi

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona bilen kesellän 2 müňden gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 147,000-e golaý adamyň sagalýandygyny habar berdi.

şu gün Eýranyň saglygy goraýyş, derman we bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari,ýurtda koronawirus hassalary barada iň soňky maglumatlara yşarat edip Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda Kuaid-19 bilen kesellän 2410 täze näsag ýüze çykaryldy, olaryň 714-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galanlary aýak üstünde olara medisina hyzmatlary berildi diýdi.

Lari, Eýranda covid-19 hassalarynyň umumy sanynyň 184 müň 955 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 71 näsagyň ölmegine salgylanyp, ölenleriň umumy sanynyň 8 müň 730 adama ýetendigini aýtdy.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şeýle-de şu wagta çenli 146 müň 746 hassanyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 7 million 760 000-den gowrak boldy, şolardan azyndan 429,000 adam öldi we takmynan 4 million adam keselhanadan gutuldy.