Musawi; Trump Amerikan halkynyň "kanun we tertip" diýip şygar aýtmasyn
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7885-musawi_trump_amerikan_halkynyň_kanun_we_tertip_diýip_şygar_aýtmasyn
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň hökümetiniň halkara hukugyny bozmagynyň halkyň buýruk haýyşyny kabul etmezliginiň sebäbi bolandygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 14, 2020 15:44 Asia/Ashgabat
  • Musawi; Trump Amerikan halkynyň

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň hökümetiniň halkara hukugyny bozmagynyň halkyň buýruk haýyşyny kabul etmezliginiň sebäbi bolandygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Seýid Abbas Musawi ýekşenbe güni twit ýazyp Dünýädäki halkara kanunlaryny we düzgünlerini bozmaga endik eden Amerikan  režimi ýönekeý adamlaryň "kanun we tertip" durmuşa geçirilmegine nädip garaşyp biler? diýdi.

yakynda özüni "hukuk we tertip-düzgüniň prezidenti" diýip atlandyran Prezident Donald Trump, soňky protestleri basyp ýatyrmak üçin ABŞ-nyň dürli şäherlerinde müňlerçe ýaragly esgeri we hukuk goraýjy işgärleri ýerleşdirjekdigini aýtdy.