Eýranda korona keseli barada soňky statistika
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-e golaý täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 150 000-den gowrak adamyň sagaldylandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Sima Sadat Lari duşenbe güni ýurduň koronawirus barada soňky statistikasynyň bardygyny aýtmak bilen Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2444 täze näsag ýüze çykaryldy, olaryň 842-si keselhanalarda ýerleşdirildi, galanlaryna aýak üstünde hyzmatlary berildi.
Larri, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 189,876-a ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 113 näsag öldi we ölenleriň umumy sany 8 950-e ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şeýle-de şu wagta çenli 150,590 hassanyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
hasabata görä, şu wagta çenli Eýranda “Qovid 19” keseli bolan adamlary tanamak üçin 1 million 270 müň töweregi synagy geçirildi.
Dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany 8 milliondan gowrak boldy, şolardan azyndan 435,000 adam öldi we 4,140,000 töweregi adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.