Rabiei: Eýranda dünýäde iň aç-açan ýadro programmasy bar
Eýran döwletiniň metbugat wekili, Yslam Respublikasynyň Halkara Atom Energiýasy Guramasyna mümkin boldugyça iň ýokary ygtyýarlyk berendigini aýtmak bilen Eýranda dünýäde iň aç-açan ýadro programmasy bardyr diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň metbugat wekili Ali Rabiei şu gün metbugat ýygnagynda Tähranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň (IAEA) isleglerini IAEA-nyň gorag düzgünleriniň we kanunlarynyň çäginde ibermegine garaşýandygyny aýtmak bilen IAEA-daky ýurtlaryň borçlaryna we hukuklaryna özara garamakda syýasy ölçegleriň ulanylmagy, dünýä arenasyndaky durnuksyzlygy güýçlendirmekden başga zat getirmeýär diýdi.
Rabiei şeýle-de IAEA Dolandyryjylar geňeşiniň agzalarynyň IAEA-nyň Amerikanyň zor aýtmalarynyň garşysynda garaşsyzlygyny goldamalydygyny aýtdy.
Eýran döwletiniň metbugat wekili ABŞ we Ysraýyl režimeiminiň Halkara Atom Energiýasy Guramasynda Tehrana garşy dildüwşüklerini ýazgarmak bilen ähli ýurtlar Amerikanyň şeýle hem sionist režiminiň hyýanatçylykly hereketlerinden, doly habarlydyrlar we Amerikalylar halkara jemgyýetçiliginiň sesini eşitmeli we zor aýtmalaryny bir gapdala goýmalydyrlar diýip sözlerine goşdy.