Mousawi: BMG-nyň Baş sekretarynyň toslamasy Amerikanyň dildüwşügine laýyk gelýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7891-mousawi_bmg_nyň_baş_sekretarynyň_toslamasy_amerikanyň_dildüwşügine_laýyk_gelýär
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Saud Arabystanda Aramko nebit toplumyna raketa bilen edilen hüjümiň Eýran tarapyndan ýola goýulmagy barada BMG-nyň Baş sekretarynyň öňe süren täze hasabatyny Amerikanyň Eýrana garşy yzarlaýan syýasatlary we hileleri bilen ugurdaş bildi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Jun 15, 2020 13:52 Asia/Ashgabat
  • Mousawi: BMG-nyň Baş sekretarynyň toslamasy Amerikanyň dildüwşügine laýyk gelýär

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Saud Arabystanda Aramko nebit toplumyna raketa bilen edilen hüjümiň Eýran tarapyndan ýola goýulmagy barada BMG-nyň Baş sekretarynyň öňe süren täze hasabatyny Amerikanyň Eýrana garşy yzarlaýan syýasatlary we hileleri bilen ugurdaş bildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi şu gün metbugat ýygnagynda raketalaryň Eýrandan gelip çykandygyna hiç hili subutnamanyň ýokdugyny aýtmak bilen BMG-nyň Baş sekretaryna esasy ýok hasabaty okamak üçin käbir ýurtlar tarapyndan basyş edilýär diýip beýan etdi.

Musawi, Amerikanyň, Birleşen Milletler Guramasyny we halkara guramalaryny öz maksatlary üçin girew alandyklaryna  yşarat edip Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň agza döwletlerine realist bolmagy maslahat bermek bilen hem-de Yslam respublikasy bilen IAEA-nyň arasyndaky ygtybarly resminamalara we oňat hyzmatdaşlyga salgylanmak bilen, olaryň hakykata laýyklykda tutum tutmaklaryny we ABŞ we Sionist režiminiň toslamalary esasynda tutum tutmakdan saklanmaklaryny isledi.

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili şeýle-de BMG-nyň Baş sekretarynyň hasabaty esasynda Eýranyň dosiýasyny Howpsuzlyk Geňeşine geçirmek ugurda Amerikanyň edýän tagallalaryna yşarat etmek bilen Amerikanyň Eýran barada öňe sürýän toslamalarynyň hemmesi bikanun we ýalandyr we Howpsuzlyk Geňeşine agza ýurtlar hem ony bilýändirler diýip eşitdirdi.