Eýrany gorkunç görkezmek baradaky duşmanlaryň hilelerine Owganystanyň hüşgär bolmagy zerurdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7909-eýrany_gorkunç_görkezmek_baradaky_duşmanlaryň_hilelerine_owganystanyň_hüşgär_bolmagy_zerurdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy Eýrany gorkunç görkezmek baradaky duşmanlaryň hilelerine Owganystanyň hüşgär bolmagynyň zerurlygyny aýdyp Eýran halky bilen doganlyk gatnaşyklarynyň bozulmagynyň öňüni almak Owganystanyň milli bähbidinedir diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 16, 2020 13:48 Asia/Ashgabat
  • Eýrany gorkunç görkezmek baradaky duşmanlaryň hilelerine Owganystanyň hüşgär bolmagy zerurdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy Eýrany gorkunç görkezmek baradaky duşmanlaryň hilelerine Owganystanyň hüşgär bolmagynyň zerurlygyny aýdyp Eýran halky bilen doganlyk gatnaşyklarynyň bozulmagynyň öňüni almak Owganystanyň milli bähbidinedir diýip nygtady.

Sişenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy Mahmud Waezi twitter hasabynda Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny garaňkylaşdyrmak üçin käbir hereketlere yşarat edip Owganystanyň hökümetiniň Eýrany gorkunç görkezmegiň öňüni almak, duşmanlaryň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny ýok etmek we geçen onýyllyklaryň dowamynda 3 million owgan bosgunlary Eýranyň kabul edenliginiň ýatdan çykarmazlygy Owganystanyň milli bähbitleri esasyndadyr diýip ýatlap geçdi.

Eýrana bikanun giren owgan raýatlary üçin soňky birnäçe hepdäniň wakalaryndan soň Owganystandaky käbir habar beriş serişdeleri bu wakalary Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklary ýok etmek üçin bahana hökmünde ulandylar.