Eýranda Takmynan 155 müň adam koronadan gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda takmynan 155,000 adamyň sagalýandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2612 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan 1071-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.
Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 195 051-e ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 120 näsag öldi we ölenleriň jemi sany 9,185-e ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 154,812 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 8 million 285 müňden gowrak adama ýetdi, şolardan azyndan 446 müň adam öldi we takmynan 4 million 340 müň adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.