Musawi: Saud Arabystany bilen Amerika halkara mehanizmleri bilen oýun edýändirler
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili BMG-nyň özgelerden täsir almagyna tankyt bildirmek bilen Saud Arabystany halkara mehanizmlerini pul we Amerika hem gorkuzmak bilen masgaralandygyny aýtdy.
Seýed Abbas Musawi şu gün özüniň twitter sahypasynda ýazan matlabynda BMG-nyň sekretariaty Eýrana garşy esassyz aýyplamalardan birnäçe gün soň Saud bileleşiginiň Ýemende ýüzlerçe çagany öldürendigini bilýän ýagdaýynda bu bileleşigiň Ýemende ýola goýan jenaýatlaryny görmezlik edendir diýip beýan etdi.
BMG-nyň baş sekretary Antonio Guterreş geçen duşenbe güni Ýemende çagalary öldürmekde eli bolan Saud bileleşiginiň adyny bu guramanyň gara sanawyndan çykarandyr.
Birleşen Milletler Guramasy 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýemendäki 683 çagany öldürmek we ýaralamak, onlarça mekdebe we hassahanalara hüjüm etmek üçin Saud Arabystanyň bileleşigini gara sanawa girizdi.
şol bir wagtda Ýemeniň milli gutulyş döwletiniň metbugat wekili Zifolla Al-Şami BMG-nyň bu tutumyny ýazgaryp Guterreş bu işi bilen BMG-nyň we onuň usullaryny sorag astyna alandyr diýip ynam bildirdi.