Ruhani: Eýran halky sanksiýalara garamazdan ösüş ýoluny dowam etdirýär
(last modified Thu, 18 Jun 2020 10:34:57 GMT )
Jun 18, 2020 15:34 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran halky sanksiýalara garamazdan ösüş ýoluny dowam etdirýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, duşmanlaryň sanksiýalary bilen bir wagtda ýurtda uly milli taslamalaryň açylmagyna ünsi çekip Eýran halky buýsanç we kämillik ugrundaky hereketinden ýüz öwürmez we ösüş ýoluny dowam etdirer diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni wideo konferensiýa arkaly geçirilen ýol we şäher gurluşygy ministrliginiň milli taslamalaryndan peýdalanmak dabarasynda "Kowid 19" wirusynyň we ABŞ-nyň Eýrana garşy berk sanksiýalarynyň garşysyna şeýle hereketler, ýurduň önümçiliginde işleýänleriň hemmesiniň edýän tagallalaryny dünýä ähliniň göz öňüne getirýär diýip nygtady.

Umuman alanyňda, şu gün Eýranda resmi taýdan açylan sekiz taslama 2420-den gowrak adama gönüden-göni iş ornuny döretdi.

Şeýle hem, şu gün Eýranyň prezidenti tarapyndan sargyt edilen ýedi taslamanyň tamamlanmagy bilen 14,530 adam üçin durnukly iş orunlary dörediler.