Eýranda korona ýürek keseli barada soňky sanawlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7942-eýranda_korona_ýürek_keseli_barada_soňky_sanawlar
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 159,000-den gowrak adamyň sagalýandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 19, 2020 11:59 Asia/Ashgabat
  • Eýranda korona ýürek keseli barada soňky sanawlar

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 159,000-den gowrak adamyň sagalýandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2615 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan 986-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 200 müň 262 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 120 näsag ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 9,392-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 159,192 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 8 million 600 müňden gowrak adama ýetdi, şolardan azyndan 456 müň adam öldi we takmynan 4 million 552 müň adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.