Zarif:Ýewropa Troikasy Eýrany wagyz edip bilmez
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri anna güni agşam Twitterde Britaniýany, Fransiýany we Germaniýany Amerika bilen ugurdaşlykda Eýrana garşy ýola beren hereketlerini tankytlady.
FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Muhammet Jawad Zarif Ýewropa ýurtlarynyň üçüsiniň diýmek Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýändigini tankytlamak bilen olary ABŞ-nyň prezidentine we Sionist režiminiň premýer-ministrine degişlidigini aýtmak bilen Ýewropa Troikasy Eýrany wagyz etmek orunda däldir diýdi.
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň (IAEA) Dolandyryjylar Geňeşi anna güni Angliýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň basyşy astynda Eýrana garşy syýasy karary tassyklady.
Angliýa, Fransiýa we Germaniýa IAEA bilen iň ýokary derejede hyzmatdaşlyk eden Eýran Yslam Respublikasyny Halkara Atom Energiýasy Guramasy (IAEA) bilen doly hyzmatdaşlyk etmezlikde aýypladylar.
Orsýet bilen Hytaýyň bu guramadaky wekilleri bu karara garşy çykandyrlar.