Eýranda 163 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7957-eýranda_163_müňden_gowrak_adamyň_koronadan_gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 163,000-den gowrak adamyň sagalýandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 21, 2020 11:56 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 163 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 163,000-den gowrak adamyň sagalýandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2368 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 114-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 204 müň 952 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 116 näsag ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 9,623-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 163,591 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Bu habara görä, şu wagta çenli Eýranda 1,422,407-den gowrak Kuaid-19 anyklaýyş synaglary geçirildi.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 8 million 921 müňden gowrak adama ýetdi, şolardan azyndan 466 müň 848 adam öldi we takmynan 4 million 743 müň adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.