Raisi: Amerika we Ýewropa halkynyň adalatsyzlyga garşy göreşi gutarmaz
Eýranyň kazyýet ulgamynyň başlygy Amerika we Ýewropa halkynyň adalatsyzlyga garşy edýän göreşleriniň gutarmajakdygyny aýtmak bilen adam hukuklaryny talap edýänleriň indi dünýäde adam hukuklarynyň duşmanyna öwrülendigini aýtdy.
Seýed Ybrahym Raisi şu gün Eýranyň yslam respublikasynyň düýbini tutan Ymam Homeýni(ra) hezretleriniň gonamçylygyna zyýarata baran mahaly beren gürrüňlerinde Amerikadyr Ýewropa halyklarynyň adalatsyzlyga garşy ýola berip duran protestleri ot turuzjak uçgyndyrlar we bu oduň şöhlesi ezijileriň synyndan ýapşar soňda adalatyň berkarar bolmagyna sebäp bolar diýip beýan etdi.
Amerikanyň Mine Suta ştadynyň Miniapolis şäherinde bu ýurduň polisiýa güýçleri tarapyndan bir gara ýagyz adamyň öldürilmeginden soň ABŞ-nyň dürli şäherlerinde diskriminasiýa we jynsparazlyga garşy protest tolkuny başlandy.
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy hem-de bu güýjüň ýokary derejeli jogapkärleri şu gün Eýranda kazyýet hepdesiniň başlanmagy mynasibetli Ymam Homeýni(ra) hezretleriň mazarynyň başyna baryp onuň arzly maksatlary bilen ýene bir gaýtar peýman baglaşdylar.