Ruhani: Halkara Atom Energiýasy Guramasy garaşsyzlygyny saklamaly
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar Geňeşiniň Eýrana garşy çykaran kararyna salgylanyp IAEA garaşsyzlygyny saklamak bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Sionist režimiň basyşy astynda kanuny ýolundan sowulmaly däldir diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetinde Sionist režimi we ABŞ, 20 ýyl ozala degişli meseläni gozgamak bilen Halkara Atom Energiýasy Guramasyny esasy jogapkärçiliginden çykarjak bolýar diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň ornuny saklamagy halkara ulgamy üçin gaty möhüm hasaplap Eýranyň işiniň esasy, Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen hyzmatdaşlyk, ýöne zerur bolsa Eýran Agentligiň özüni alyp barşyna aýgytly jogap berer diýip nygtady.
Ruhani, şeýle hem Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Eýranyň öz borçlaryny ýerine ýetirýändigi baradaky hasabatlaryna ünsi çekip Eýran, düzgünnamanyň çäginde Agentligiň kanuny gözegçiligini kabul etmäge we Agentlik bilen ýakyndan işleşmäge taýyn diýip sözüne goşdy.