Galibaf: ABŞ-nyň birtaraplaýynlygy halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna howp salýar
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýädäki birtaraplaýyn hereketini halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna çynlakaý howp hasaplady.
Eýranyň tele-radio habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Muhammet Baker Galibaf çarşenbe güni Hytaýyň Tehrandaky ilçisi Çaň Hua bilen geçiren duşuşygynda ABŞ hökümetiniň ýurtlaryň özygtyýarlylygyna we garaşsyzlygyna gatyşmagyna ünsi çekip, dünýä ýurtlarynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň tekepbir we bir taraply tebigatyna we halklaryň hukuklaryna ýaramaz täsirlerine duçar bolýandygyny aýtdy.
Galibaf Hytaý-Eýran gatnaşyklarynyň durnukly, güýçli we taryhydygyny aýdyp Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu akylsyz hereketlerine garşy durmak üçin sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek gutulgysyz zerurlykdyr diýip nygtady.