Eýranyň Goranmak ministri: Amerikanyň sanksiýalary ters netije berendir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7998-eýranyň_goranmak_ministri_amerikanyň_sanksiýalary_ters_netije_berendir
Eýranyň Goranmak ministri Eýranyň howa güýçlerine söweş uçarlarynyň berilmegi duşmanlara, esasanam Eýran milletiniň duşmany bolan Amerikalylara sanksiýalaryň ters netije berýändir diýen sargydy berýändir diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 25, 2020 13:38 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Goranmak ministri: Amerikanyň sanksiýalary ters netije berendir

Eýranyň Goranmak ministri Eýranyň howa güýçlerine söweş uçarlarynyň berilmegi duşmanlara, esasanam Eýran milletiniň duşmany bolan Amerikalylara sanksiýalaryň ters netije berýändir diýen sargydy berýändir diýip nygtady.

Üç Kosar söweş uçary, Eýranyň Goranmak ministriniň gatnaşmagynda şu gün Eýranyň howa güýçlerine gowşuryldy.Bu söweşijiler Eýranly hünärmenler tarapyndan taslanyp bejerilendir.

Eýranyň Goranmak ministri general Amir Hatami bu gowşurylyş dabarasynda beren gürrüňlerinde duşmanlar biziň öz harby mümkinçiliklerimizden haýyrlanyp bilmegimize päsgel bermek maksady bilen 40 ýyl mundan ozal bize garşy sanksiýa girizdiler emma biz bu gün gerek bolan zatlaryň hemmesini ýurduň içinde öndürip durandyrys diýip sözlerine goşdy.

general Amir Hatami, bu günki gün dünýäde Amerikalylaryň Eýranyň ýarag gadaganlygyny uzaltmak isleýändiklerini aýtmak bilen bu, dünýä we ähli azatlyk gözleýänler üçin sabyr edip berk dursalar, üstünlik gazanyp boljakdygyny mälim edýän möhüm habardyr diýdi.

Duşmanlar we Amerikalylar Eýranyň ösüş we eksport ýoluny dowam etjekdigini bilmelidirler diýip Eýranyň Goranmak ministri aýtdy.