Ruhani: duşmanlar Eýran halkynyň öňe gitmeginiň öňüni alyp bilmezler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7999-ruhani_duşmanlar_eýran_halkynyň_öňe_gitmeginiň_öňüni_alyp_bilmezler
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, duşmanlaryň ýola berýän sanksiýalary Eýran halkynyň ösüşe bolan hereketiniň öňüni alyp bilmejekdigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 25, 2020 14:16 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: duşmanlar Eýran halkynyň öňe gitmeginiň öňüni alyp bilmezler

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, duşmanlaryň ýola berýän sanksiýalary Eýran halkynyň ösüşe bolan hereketiniň öňüni alyp bilmejekdigini aýtdy.

prezident Hasan Ruhani şu gün Eýranyň nebit,gaz we petrohymiýa senagatynda üç sany iri taslamanyň ulanyşa berilmeginiň ýanynda beren gürrüňlerinde:bu ýerlikde biz bilen saklaýan arkalaşyklaryny kesen şerketleriň hemmesi şeýle-de Eýran milletine garşy sanksiýa girizen Amerikalylar we Sionistler bu gün bu işler bilen Eýranyň ösüşiniň garşysynda böwet döredip bilmejekdiklerini öz gözleri bilen görüp durandyrlar diýip yglan etdi.

Günbatar Azerbaýjan welaýatynda ýerleşýän “Miandoab” nebithimiýa toplumynyň üç taslamasy, “-GüreJask turbasy we “Adaty Hegzan” önümçilik liniýasy şu gün Eýranyň prezidentiniň wideo konferensiýasy arkaly ulanyşa berildi.

Ruhani “Güre-Jask” turbageçirijisini nebit we gaz pudagyndaky iň strategiki taslamalaryň biri bilmek bilen ylyň ahyryna çenli 17 sany uly taslamanyň açylmagy bilen, ýurduň nebithimiýa önümçiligi kuwwaty öňki ýedi ýyl bilen deňeşdirilende iki esse artyp, 25 milliard dollara ýeter we bu pudakda uly böküş bolar diýip beýan etdi.