Takht-e-Rawançi Amerikanyň Howpsuzlyk Geňeşindäki Eýrana garşy geňeşmelerine gaýtawul görkezdi
Howpsuzlyk Geňeşinde ABŞ-nyň resmileriniň Eýrana garşy geňeşmeleriniň güýçlendirilmeginiň gaýtawulynda Eýranyň ilçisi we Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili bu geňeşde Eýranyň ýarag gadaganlygyny uzaltmak meselesinde ylalaşygyň ýokdugyny aýtdy.
Eýranyň ilçisi we Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Majid Takht-e-Rawançi twitter sahypasynda ýazan matlabynda Amerika özüniň zyýada talaplykly isleglerine Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň bildirýän reaksiýalary barada näme üçin hiç zat diýmeýär diýip ýazdy.
Takht-e Rawançi, Amerikanyň dymmagynyň sebäbi, Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň doly durmuşa geçirilmegine çagyryş bolmagynyň mümkindigini aýtdy.
ABŞ-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary bilen Eýranyň ýarag gadaganlygyny uzaltmak baradaky resmi däl duşuşygynda ýewropalylar sanksiýalaryň soňlanmagyna alada bildirmek bilen bir hatarda özleriniň iň uly aladasynyň Tähranyň sanksiýalaryň uzaldylmagyna berjek jogabydygyny aýtdylar.
Hytaý we Orsýet Amerikanyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çekilendigi we Eýrana ýarag satmagy ýa-da bu ýurtdan ýarag satyn alynmagyny gadagan etýän maddany uzaltmak baradaky geňeşmelerine berk tankyt etdiler we Ýewropa hem Ak tamyň garaşylýan goldawyny görkezmedi.