Eýranda korona keseli barada soňky statistika
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili “Qovid 19” bilen 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 181,000 töweregi adamyň sagaldylandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirus bilen ýaşaýan adamlar baradaky soňky statistikany yglan edip Kesel anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda 2 müň 456 sany täze näsagyň tapylyp şolardan 1,139-sy keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara ambulatoriýa hyzmatlary berildi diýip beýan etdi.
Lari şeýle-de Eýranda korona näsaglaryň umumy sanynyň 220180-e ýetendigini aýtmak bilen soňky 24 sagadyň dowamynda ýene125 hassanyň täze keselden ölmegi bilen ölenleriň umumy sany 10.364-e ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekiliniň sözlerine görä, 180,661 näsag bejergi aldy ýa-da keselhanalardan boşadyldy.
Dünýäde koronawirus bilen ýaşaýanlaryň sany 10 milliona ýetdi, şolardan azyndan 497 müň adam öldi we 5 million 380 müňden gowragy keselhanalardan boşadyldy.