General Salami: Ýarag sanksiýalary Eýranyň goragyna täsiri ýokdyr
Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaran güýçleriniň baş serkerdesi, duşmanyň ýarag sanksiýalarynyň Eýranyň goranyşyna hiç hili täsiriniň ýokdugyny aýtmak bilen Sepah Pasdaranyň gury ýer güýçleri ähli ýarag ulgamlary öndürmekde garaşsyzlyk derejesine ýetendigini aýtdy.
Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararynyň bir bölegi hasaplanýan BMG-nyň Eýrana garşy ýarag sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň wagtynyň ýakynlamagy bilen ABŞ sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň öňüni almak ugurdaky tagallalaryny iki esse artdyrdy.
BMG-nyň Eýrana garşy ýarag sanksiýalary 2020-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda soňlaýandyr.
Yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň baş serkerdesi General Salami şu gün Tehranda Sepahyň gury ýer güýjüniň gözleg we jihad guramasynyň gazanan üstünlikleriniň sergisini ýakyndan baryp görenden soň beren gürrüňlerinde duşmanlaryň yslam ynkylaba we Eýran milletine garşy zalymlykly sanksiýalaryny bir pursat bilip gury ýerde gerek bolýan bütin ýaraglar ýerli bilim boýunça ýurduň içinde öndürilýär diýdi.