Ruhani: Eýran hökümetine daşary ýurt we içerki karz gerek däl
(last modified Sun, 28 Jun 2020 13:54:18 GMT )
Jun 28, 2020 18:54 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran hökümetine daşary ýurt we içerki karz gerek däl

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, koronawirusyň dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyna edýän täsirine yşarat edip Sanksiýalara garamazdan, Eýran hökümetine daşary ýurt ýa-da içerki karz gerek däl diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani, ýekşenbe güni Korona keseline garşy göreşmek boýunça milli ştabyň ýygnagynda Ykdysady sanksiýalara sezewar edilmedik ýurtlar Korona dartgynlylygyndan bäri erbet ykdysady ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy, mysal üçin, şu günler Iňlis karzlary 273 million  pond boldy diýip nygtady.

Ruhani dünýäniň köp ýurtlarynda Korona hassalaryndan bejergi üçin pul alynýandygyny, Eýranda bolsa Korona hassalaryndan bejergi çykdajylary üçin pul alynmaýandygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýran hökümetiniň sanksiýalara we korona garşy ýurduň ykdysady ýagdaýyny dolandyrmak üçin çäreleri görendigini aýtdy.

Ruhani, şeýle hem, 1981-nji ýylda Tehranda bolup geçen terrorçylykly hüjüme, Eýranyň ýokary kazyýetiniň başlygy doktor Muhammet Hosseýni Beheştiniň we 72 resminiň şehit bolmagyna yşarat edip Şol döwürde Amerikalylar Yrakdaky Baas  režimiň ýogalan diktatory Saddam we terrorçy munafyklar  toparjygy Saddam bilen bilelikde Yslam Eýrana garşy erbet üçburçluk döretdiler diýip beýan etdi.