Eýranyň himiki howplara garşy göreşmäge taýýarlygyny güýçlendirdi
Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Baş serkerdesiniň kömekçisi we uly geňeşçisi, bolup biljek himiki, biologiki we ekoturizm howplaryna garşy göreşmek üçin goranyş taýýarlyklaryny güýçlendirmek we ösdürmek Eýranyň himiki goranyşynyň esasy strategiýalarynyň biridigini aýtdy.
yekşenbe güni Eýranyň ýaragly Güýçleriniň serkerdebaşysynyň ýörite kömekçisi we harby geňeşçisi general-maýor Seýid yaahýa Rahim Safawi, Yrakdaky Baasist režimi tarapyndan Eýranyň serhetýaka Sardaşt şäheriniň himiki partlamasy barada durup geçip Bu jenaýatyň, Eýran halkynyň taryhynda gara gün bolandygyny aýtdy.
General Safawi Baas režimi tarapyndan Yrakda himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň halkara guramalarynyň dymmagy we ABŞ bilen Ýewropanyň ýaşyl çyrasy bilen utgaşandygyny aýtdy.
ol şeýle-de Eýrana garşy girizilen söweşde Saddam eýran halkyna garşy jemi 252 sany gadagan himiki ýarag ulandy, we 8000 adam şehit we 107,000 adam hem ýaralandy sözüne goşdy.