ABŞ-nyň sanksiýalary; Himiki hüjümlerde ejir çekenleriň dermanlaryny üpjün etmäge päsgel berýär
Jun 28, 2020 16:36 Asia/Ashgabat
Eýranyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň adamkärçiliksiz sanksiýalaryny himiki hüjümlerde ejir çekenleriň dermanlaryny üpjün etmek üçin päsgelçilik diýip atlandyrdy.
Eýranyň Daşary işler ministrligi ýekşenbe güni twit ýazyp, Sardaştdaky himiki bomba heläkçiliginde adamkärçiligiň we wagşylygyň iki görnüşiniň bardygyny aýdyp Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Eýranda himiki pidalar, weteranlar we dürli näsaglar üçin zerur dermanlar bilen üpjün edilmegini petikleýär diýip yglan etdi.
1987-nji ýylyň 28-nji iýunynda Yrakdaky Baasist režimi serhet ýakasyndaky Sardaşt şäherini himiki taýdan bombalady, netijede 110 parahat ilat öldi we 8000-den gowrak adam hem ýaralandy.