Musawi: Eýran özüniň goranyş mümkinçilikleri barada hiç kimden ýüze galmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8025-musawi_eýran_özüniň_goranyş_mümkinçilikleri_barada_hiç_kimden_ýüze_galmaz
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ýewropa Troikanyň Eýranyň ýarag gadaganlygyny 2023-nji ýyla çenli uzaltmak baradaky teklibine yşarat edip Eýran Yslam respublikasy goranyş mümkinçilikleri barada hiç kimden ýüze galmaz diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 29, 2020 12:37 Asia/Ashgabat
  • Musawi: Eýran özüniň goranyş mümkinçilikleri barada hiç kimden ýüze galmaz

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ýewropa Troikanyň Eýranyň ýarag gadaganlygyny 2023-nji ýyla çenli uzaltmak baradaky teklibine yşarat edip Eýran Yslam respublikasy goranyş mümkinçilikleri barada hiç kimden ýüze galmaz diýip nygtady.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Seýed Abbas Musawi habarçylar bilen geçiren söhbetdeşlikde ýewropalylaryň biderek zat edendiklerini we azaşýandyklaryny aýtmak bilen Eýranyň ýarag embargosynyň dowam etmegi Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyndaky düzgünlere ters gelýär oňa görä Ýewropa ýurtlary we Amerika muňa jogap bermelidirler we yz-gelimlerini kabul etmelidirler diýip beýan etdi.

Ýewropa bilen Amerikanyň arasyndaky gatnaşyklar özlerine baglydyr emma Eýran Yslam Respublikasy özüniň hak-hukugyndan hergiz göz ýummaz diýip Musawi aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Tähranyň ýarag gadaganlygynyň uzaldylmagyna nähili jogap berjekdigi barada-da durup geçmek bilen Eýran Yslam Respublikasy ýagdaýlara görä ýörite çäreleri meýilleşdirdi diýmek bilen, ýöne Tähran işleriň bu tapgyra ýetmezligini umyt edýändir diýdi.